Nesil sagdynlygynyň özeni

5 Fewral 2021
876

 Dogry iýmitlendirmek çaganyň sagdyn ösmegi üçin örän wajypdyr. Çaga üçin doglan gününden başlap, 6 aýlyga çenli iň oňat iýmit ene süýdüdir.

Ene süýdi çaga üçin zerur bolan ýokumly maddalara baýdyr. Ol çaganyň iýmit siňdirişini we madda çalşygyny gowulandyrýar. Alty aýlyk döwrüne ýetenden soň, çaganyň iýmitine goşmaça nahar görnüşleriniň girizilmegi onuň mundan beýläk talabalaýyk ösüp ulalmagy üçin gerekli ýokumly maddalar bilen üpjün edýär. Diňe ene süýdüni emip ýören döwründen umumy naharlary iýmäge geçýän döwri çaga üçin aýratyn döwürdir. Bu döwürde çaganyň ýagdaýynda düýpli üýtgemeler bolup geçýär, iýmite bolan talaby artýar, köp derejede güýç sarp edýär. Çaganyň dişleri çykýar, iýmiti çeýnäp we goýy iýmitleri ýuwdup bilmek endikleri terbiýelenýär. Ol oturyp, emedekläp, ýöräp başlaýar, daş töwereginde bolup geçýän zatlara akyl ýetirip ugraýar. Şeýlelikde psihomotor ösüşiniň endikleri ýüze çykýar. Şu ýagdaýlar bilen bagly sarp edilýän güýjüň öwezini dolmak we çaganyň bedenine agram düşmeginiň öňüni almak üçin (agram we boý ösüşiniň yza galmagy, ýokanç keseller bilen ýygy kesellemek we beýlekiler) çagany dogry iýmitlendirmelidir.

Jemile GARLYÝEWA,
Onkologiýa ylmykliniki merkeziniň Ylmykliniki çagalar onkologiýa bölüminiň gematolog lukmany.
Beýleki habarlar