Jemgyýetiň sagdynlygynyň goragynda

5 Fewral 2021
1283

Ýaňy-ýakynda Russiýanyň ýene bir sanjymy ― «EpiWakKorona» Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky dermanlyk serişdelerini bellige almak we döwlet hil gözegçiligi merkezi tarapyndan bellige alyndy. Merkeziň seljermeleriniň netijeleri boýunça bu sanjyma degişli şahadatnama hem berildi.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan soň «EpiWakKorona» sanjymyny bellige alan dünýäde ilkinji döwlet bolup durýar. Bu sanjym dostlukly ýurduň sarp edijileriň hukuklaryny we adamlaryň abadançylygyny goramak babatda gözegçilik boýunça federal gullugynyň «Wektor» wirusologiýa we biotehnologiýa döwlet ylmy merkezinde işlenilip taýýarlanyldy. Sanjyma bellige alyş şahadatnamasynyň gowşurylmagy bilen bu serişdäni ýurda satyn almaga we peýdalanmaga ygtyýar berilýär. «EpiWakKorona» sanjymy synagdan geçirilip, onuň ýokary howpsuzlyk derejesine eýedigi tassyklanyldy.

Maral AGAMYRADOWA.
Beýleki habarlar