Täze ösüşlerimize badalga

3 Fewral 2021
1687

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl özüniň ilkinji üstünlikli ädimleri bilen durmuşymyza ornaşyp barýar. Mähriban Arkadagymyzyň bu şanly ýyly ýurdumyzyň her bir ulgamynda ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemek babatda öňde goýýan wezipeleri ildeşlerimiziň ýüreklerini joşduryp, täze ösüş depginlerini gazanmaga ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň geljek 2024-nji ýylda dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini giňden belläp geçmek we bu şanly senä şu günlerden taýýarlyk görmek barada öňde goýan wezipeleri biz — bilim işgärlerini has-da begendirdi. Çünki öten beýik şahsyýetlerimiziň ýubileýini bellemek diňe bir toý dabarasy bilen çäklenmeýär. Ol şahsyýetiň şu günki we geljek nesillere goýup giden nusgalyk görüm-göreldesini, hünär ussatlygyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üsti bilen hem halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän milli edep-terbiýe, edim-gylym, görüm-görelde mekdebine ýene-de bir mertebe nazar aýlamaga giň şertleri döredýär.

Patma SARYGULOWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar