Çaý içseň, göwne jaý!

2 Fewral 2021
1581

Häzirki wagtda tebigatymyzyň eçilen «ýaşyl dermanhanasyndan» taýýarlanylan melhem çaýlar il arasynda giňden peýdalanylýar. Gazetimiziň şu sanynda gyş paslynda ýüze çykýan möwsümleýin kesellerden goranmakda melhemlik häsiýetli çaýlaryň taýýarlanyşy hakynda söz açmagy makul bildik.

Dermanlyk otlardan taýýarlanan «Hoşboý» melhem çaýy immun we aşgazan-içege ulgamlarynyň işini sazlaýar. Onuň antiseptiki, işdä açyjy, iýmit siňdiriji, içgeçmä garşy täsiri bar. Immuniteti ýokarlandyrýar, ýadawlygy we tukatlygy aýyrýar. Onuň düzüminde, göterim gatnaşygynda alanyňda, ýandak güli we oty 15, sary çaý oty 35, boýbodran oty 28, ajyýowşan oty 12, gök çaý 10 göterimden ybaratdyr. Bu çaý bejeriji, iýmit siňdiriji — keseliň öňüni alyjy serişde hökmünde hem ulanylýar.

Beýleki habarlar