Zenanlar guramasynda

1 Fewral 2021
1211

RUHY HAZYNANYŇ MÄHRIBANLYK JOŞGUNY

Hormatly Prezidentimiziň gymmaty egsilmejek ruhy hazynalarynyň ähmiýetini giňden ýaýmak ýaly asylly işlere mähriban zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Ony zenanlar guramasy tarapyndan öňdebaryjy, başarjaň gyz-gelinleriň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryny wasp edýän bäsleşikleriň yzygider guralmagy hem aýdyň görkezýär. Şeýle bäsleşikleriň biri golaýda ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan etmeginde milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň esasynda geçirildi. «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly şygar bilen guralan bäsleşik döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp kemala getiren asylly däp-dessurlaryny, döwletlilik ýörelgelerini özünde jemleýän gymmatly ruhy hazynasynyň aýratyn taraplaryny çeper döredijilikde giňden açyp görkezmek, wagyz etmek, many-mazmunyny, gymmatyny ýaýmak ýaly asylly maksada gönükdirildi.

Beýleki habarlar