Şugla saçýar Aşgabadyň öwüşgini

29 Ýanwar 2021
1388

Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, giň möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylmagy we şäher gurşawynda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparlary hem munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Ýeri gelende bellesek, ak mermerli paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýar. Dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Maýagözel HOJABERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar