Welosiped ulagynyň adam bedenine peýdaly täsiri

28 Ýanwar 2021
917

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşyň saýlama tapgyry geçiriler. Oňa daşary döwletleriň 40-a golaýyndan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Welotrek sportunyň ýaryşlary 10 görnüş boýunça geçiriler. Şunda olaryň erkekleriň we zenanlaryň hersiniň arasynda geçiriljekdigini göz öňünde tutanyňda, jemi 20 ýaryş guralar. Bu ýaryşlara taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, hormatly Prezidentimiz 20-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Olimpiýa şaherçesiniň üsti ýapyk Welotrek sport toplumyna baryp gördi, ol yerde türgenler, eminler we janköýerler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen aýratyn tapawutlanýan bu ulag serişdesi, ilkinji nobatda, adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýörite gural bolup hyzmat edýär. Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňligiň ýokarlanmagy üçin örän peýdaly hereket bolup durýandygy eýýäm dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde subut edildi. Ýagny, arassa howada her gün yzygiderli welosiped sürmegiň netijesinde adam bedeninde ýadawlyk, dartgynlylyk, närahatlyk ýaly duýgularyň döremek mümkinçiligi örän pes derejede bolýar. Şeýle hem bedendäki madda çalşygynyň durnukly ýagdaýda saklanmagyna, emele gelen artykmaç ýaglaryň aradan aýrylmagyna getirýär. Ýeri gelende bellesek, welosiped sürlen wagtynda, bedende bolup geçýän fiziki ýagdaýlaryň täsiri sürüp bolanyňdan soň hem 2-3 sagatlap dowam edýär.

Şöhrat SOPYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar