Saglyk ulgamy ösüş ýolunda

26 Ýanwar 2021
1151

Ýurdumyzda ylmyň täze gazanan döwrebap tehnologiýalary bilen üpjün edilen saglyk ulgamynyň binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, öňki bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi, şeýle-de ulgamyň işgärleriniň zähmet, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy, bu ugurdaky kanunçylyk binýadynyň halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy adam saglygy baradaky aladanyň halkara derejä çykmagyna mümkinçilik berdi. Saglyk ulgamynda döredilýän şeýle şertler raýatlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşaýşyny, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň nukdaýnazaryndan saglyk hukuk ulgamynyň döwrebap ösüşiniň ähmiýeti has-da aýdyň görünýär. Munuň şeýledigini «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Şypahana işi hakynda», «Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilip, bu ugra aýratyn üns berilýändigi-de aýdyň görkezýär.

Aziza HANMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar