Ýaşlara ynam — geljege ynam

25 Ýanwar 2021
1692

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna gatnaşmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. 8-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekmegi bu babatda möhüm ädimdir.

Ýeri gelende bellesek, 2013-nji ýylyň awgustynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere giň ýol açdy. Şoňa görä, bu kanunçylyk namasynda, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda möhüm wezipeleriň toplumy göz öňünde tutulýar. Bu wezipeler ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlyga bolan höwesini artdyrmak ýaly wezipelerden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döwlet ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmaga gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şonuň üçin bu işe jemgyýetçilik guramalary hem-de degişli döwlet edaralary işjeň goşulmalydyr.

Güljemal GARAÝEWA,
Halaç etrabyndaky ýöriteleşdirilen 34-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar