Körpeler üns-alada bilen gurşalýar

24 Ýanwar 2021
1578

Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşamagy, olaryň geljekde bilimli, giň gözýetimli, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ak mermere beslenen mekdepler, dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglary, olaryň ýokary derejeli mugallymlar bilen üpjün edilmegi bu günki ýaş nesil baradaky aladanyň aýdyň şaýadydyr.

Çagalary terbiýelemekde milli oýunlarymyzyň ähmiýeti uludyr. Olardan aşyk atmak, çeke-çeke, göreş, aýlaw gurap küşt depmek hem-de tans etmek, ýüpden bökmek ýaly oýunlar bagtyýar zamanamyzyň körpeleriniň Watana, hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyny artdyrýar, şonuň bilen birlikde, çagalaryň beden saglygyny berkitmekde, olaryň dilleriniň “ýenjilmeginde” ähmiýeti uludyr.

Amangül GAZAKBAÝEWA,
Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki 4-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar