Nesil terbiýesi — röwşen geljegiň dowamaty

22 Ýanwar 2021
1268

Ata-babalarymyz ýaş nesli özbaşdak durmuşa taýýarlamaga uly üns beripdir. Öz nesillerine ene topragy, ata Watany janyň-teniň bilen söýmegi, aslyňa, däp-dessurlaryňa, ata-baba dowam edip gelýän milli ýörelgelerimize buýsanmagy öwredipdirler. Türkmen halky öz nesliniň berk bedenli, erk-ygtyýarly, sagdyn pikirli bolmagy ugrunda çäksiz alada edipdir. Ata-enä, ula-kiçä hormat goýmagy, akylly, edep-tertipli bolmagy sargapdyrlar. Ata-babalarymyz öz ogul-gyzlaryny zähmetiň üsti bilen terbiýelemek arkaly ýaş nesliň öz ýagty geljegini özbaşdak, akylly-parasatly gurmagyny gazanypdyrlar.

Aslynda, zähmet ynsan ýaşaýşynda iň zerur zatlaryň biridir. Halkymyz zähmete bolan söýgini, öz ukybyna görä hünär saýlamagy esasy şertleriň biri hasaplapdyr. Ýaşlary zähmetiň üsti bilen terbiýelemekde atalar sözüne we nakyllara ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Her bir türkmen maşgalasy çagalary özbaşdak durmuşa taýýarlamakda «Çekseň zähmet — ýagar rehnet», «Halal zähmet — baky döwlet», «Az-az öwrenip, ussa bolarsyň, işlemeseň, hassa bolarsyň», «Hünärli ýigit — miweli agaç» ýaly müňlerçe parasatly sözlere salgylanypdyrlar.

Jahan SAPAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar