Sungat eserlerinde parahatçylyk

21 Ýanwar 2021
2152

Ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan «Diýarym asuda, ýurdum parahat» ady bilen sungat eserleriniň sergisi hem ýylyň şygaryna bagyşlandy. Sergide ussat nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň ýerine ýetiren sungat eserleri görkezildi.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Annadurdy Almämmedowyň, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, şeýle-de ussat suratkeşler Rustam Abdullaýewiň, Şemşat Mämmedowanyň, Mekan Nurýagdyýewiň, Dmitriý Filipçenkonyň dürli ýyllarda döreden nakgaş eserleri sergilendi. Dürli keramika eserleri bilen milli şaý-seplerimiz hem serginiň bezegine öwrüldi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar