Ol muny duýmandy... (Esse)

21 Ýanwar 2021
1518

meniň göz öňümde şol asman reňkli ala köýnegi bilen galypdy. Çärýek asyrdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, şeýle reňkli köýnege gözüm düşende ýüregim ýerinden gozganyp giden ýaly boldy. Eýsem-de, ýüregimi şeýdip, ýerinden gozgadyp bilýän kimdi?! Men onuň henizlerem syr bolup galmagyny isleýärin. Ýöne haçanda söýgi söhbetleriniň gidýän ýerinde olara goşulyşyp, özümden biygtyýar dil ýaranymy, iň bolmanda asman reňkli köýnegi gowy görýändigimi, onuň diňe bir gyzlara däl, eýsem, ýigitlere hem juda owadan gelişýändigini aýdanymy duýman galýaryn.

Ýeke gezek gürleşip görmedik hem bolsam, men onuň juda hoşniýetlidigini, göwnüniň açykdygyny bilýärdim. Ýöne gürleşip görmäge bahana ýa esas hem ýokdy. Ol menden bir synp ýokarda okaýardy. Öz synpdaşlary, deň-duşlary bardy. Dogrusy, ol goňşy obadan gatnap okaýardy. Men onuň bilen bir ulagda gatnap okaýan synpdaşlarymy hem bagtly görerdim. «Menem bu obada däl-de, goňşy obada ýaşaýan bolsam, onuň bilen bir ulagda gatnap bilerdim. Belki gürleşmek hem miýesser ederdi...» diýip, hyýaly dünýäde ýaşaýardym. Ulagyň sesini eşitdigim tisginip giderdim. Ondan böküp düşýän oglan-gyzlar bilen birlikde, gök köýnekli oglany ogrynça synlardym. Käýarym ulag wagtynda gelmän, olaryň daşarda durmaly bolýan wagtlary hem bolaýýardy. Şonda mekdebe ýanaşyk duran öýümiziň penjiresinden ony tä ulag gelip, ugraýança synlar durardym. Şondan lezzet alýandyryn-da. Has anygy, gözüm bilen ugradardym.

Ogultäç ORAZTAGANOWA.
Beýleki habarlar