Dünýä nusga ýörelgämiz, ýolumyz

13 Ýanwar 2021
1941

Güneşli Diýarymyzda uly ynam bilen garşylanan täze, 2021-nji ýylyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halkara abraýyny, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny we syýasy, ykdysady hem-de medeni hyzmatdaşlygyny aýdyň alamatlandyryp, täze üstünliklere, has uly öňegidişliklere ýol açdy. Milli Liderimiziň öňe süren ajaýyp başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, halkymyzyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleriniň bütin dünýä nusga bolýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara bileleşigindäki orny has-da pugtalanýar, parahatçylyk söýüji halkymyzyň abraý-mertebesi belende göterilýär. Muny baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda bolup geçen dünýä ähmiýetli taryhy wakalar ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Ýurdumyz tarapyndan halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalara badalga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etdi we şol bir wagtyň özünde dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has giňelmegine-de oňyn şertleri döretdi. Bu bolsa 2021-nji ýylda syýasy we ykdysady taýdan düýpli öňegidişlik hem-de durnukly ösüş üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Babahan BATYROW,
Gumdag şäher prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar