Synaglar kabul edildi

13 Ýanwar 2021
1536

Golaýda podpolkownik Döwran Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde kiçi serkerdeler düzümi bilen okuw-usulyýet ýygny guraldy. Ýygnyň dowamynda harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary, dolandyryş bölüminiň serkerdesi, kapitan Amanmuhammet Hydyrow tarapyndan okuw dersleri meýilleşdirilip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzgünnamalary, taktiki, aragatnaşyk, gumanitar, usulyýet taýýarlyklary boýunça sapaklar geçildi hem-de geljekki kiçi serkerdeler düzüminden synaglar kabul edilip, netijede üstünlikli synag tabşyranlara «kiçi seržant» harby atlary dakyldy. Synaglarda kiçi seržantlar Rejepmuhammet Gadyrow, Mekan Babaýew, Kerwen Arslanow, Babaröwşen Öwezdurdyýew, Nariman Nurmämmedow dagy has-da tapawutlandylar.

Dinara MURADOWA,
maýor.

Beýleki habarlar