Türkmen buýanynyň taryhy we tarypy

12 Ýanwar 2021
2199

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň dermanlyk häsiýeti hakynda giňden durup geçdi. Adam saglygy üçin buýan köküniň diýseň peýdalydygy, köp dertleri bejermekde onuň taýsyz melhemdigi Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem giňden beýan edilýär.

Hakyň nazary düşen türkmen topragy tebigy baýlyklara diýseň baý. Şol baýlyklaryň biri-de, lukman Liderimiziň aýdyşy ýaly, köki müň bir derdiň dermany hasaplanýan meşhur buýan ösümligidir. Ol Amyderýanyň jülgelerinde, Daşoguz sebitinde, Tejende giňden ýaýran ösümlikdir. Şeýle-de ol ülkämiziň daglyk we suwarymly ýerlerinde hem ösüp ýetişýär. Aýratyn hem ol soňky ýyllarda Lebap welaýatynyň çäklerinde ýörite ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýlelikde, buýan köki sözüň doly manysynda biziň milli baýlygymyza öwrüldi.

Jumadurdy SOPYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar