Pasla görä geýinmek — keselleriň öňüni almagyň ygtybarly şerti

12 Ýanwar 2021
1751

Her bir paslyň özüne mahsus gözelligi we aýratynlygy bar. Adam bedeni bolsa pasyllaryň çalşygynda möwsüme görä uýgunlaşmaga çalyşýar. Munda immun hem-de madda alyş-çalyş ulgamy has işjeň herekete girýär. Bedeniň möwsüme görä has gowy uýgunlaşyp bilmegi üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeli. Gyşda adam ýokumly tagamlary kabul etmäge has köp isleg bildirýär. Sowuk howada beden ýylamak üçin energiýany has köp sarp edýär. Ýokumly tagamlara et we et önümleri, balyk, däneliler, çörek, mesge we bu önümlerden taýýarlanan dürli milli tagamlarymyz, ýagny, noýbaly el unaşy, mäşli palaw we beýlekiler degişlidir.

Gyşyň aýazly günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler. Dürli miweleriň ter şireleri, hususan-da, naryň şiresi örän peýdalydyr. Ýöne gartaşan adamlara bulary degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp peýdalanmak zerur.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar