Kesbinden kemal tapan

12 Ýanwar 2021
2040

Annasoltan Nyýazdurdyýewanyň Balkanabat şäherindäki orta mekdeplerde zähmet çekip gelýänine elli ýyla golaý wagt bolupdyr. Şu geçen wagtyň içinde ol ýaş nesilleriň, gör, näçesiniň ylymly, bilimli bolup ýetişmegine goşandyny goşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kalbyňy joşduryp, buýsanjyňy, guwanjyňy artdyrýar. Şeýle buýsanç duýgusy baýry mugallymy has-da yhlasly, döredijilikli zähmet çekmäge, jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, döwrümizi il arasynda wagyz etmäge ruhlandyrýar. Annasoltan mugallymy welaýatymyzda geçirilýän çärelerde, bäsleşiklerde we sergilerde görmek bolýar. Ol hemişe öň hatarda ýaşlara nusgalyk görelde görkezip ýör. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň enelere goýýan hormat-sarpasyna mynasyp bagtyýar ene, halypa mugallym bolup ýaşaýandygy üçin özüni juda bagtly saýýandygyny buýsanç bilen aýdýar.

Ejeş GUWANJOWA.
Beýleki habarlar