Lukmançylyk bilimi: döwrebap mümkinçilikler, täze talaplar

11 Ýanwar 2021
1777

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem ähli işler, şol sanda okuw, usuly, terbiýeçilik ylmy we bejeriş işleri öňdebaryjy milli we halkara tejribeleri yzygiderli öwrenmek hem-de özleşdirmek arkaly amala aşyrylýar.

Häzirki döwürde uniwersitetimizde milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli meýilnama esasynda okuw we usuly işlere degişli kadalaşdyryjy resminamalary halkara derejesine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, halkara akkreditasiýasyny almagy ýola goýmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlary boýunça halkara taslamalara gatnaşmak we daşary ýurtly professor-mugallymlary işe çagyrmak, olaryň uzak aralykdan bilim bermegini işjeňleşdirmek, professor-mugallymlaryň we ylmy işgärleriň halkara žurnallarda makalalary çap etmegini, olaryň halkara ylmy maslahatlara gatnaşmagyny dowam etdirmek babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, lukmançylyk bilimine bildirilýän halkara talaplara laýyklykda, okadylýan dersleriň okuw we iş maksatnamalaryna yzygiderli seredilýär, olaryň mazmuny keselleri bejermegiň, anyklamagyň, öňüni almagyň iň täze hem-de kämil usullary bilen baýlaşdyrylýar. Täze taýýarlanan maksatnamalar usulyýetiň onlaýn ulgamyny hem göz öňünde tutmak bilen, umumy okuwlarda we amaly sapaklarda, nazaryýet bilen amalyýeti baglanyşdyrýan önümçilik tejribeliklerinde düýpli özleşdirilýär we berkidilýär.

Ilmyrat GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmasiýa kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar