Melhem kök dünýä çykýar

6 Ýanwar 2021
1538

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçirilen Hökümet mejlisleriniň birinde buýan köküniň ynsan saglygyna peýdasy barada aýdanlary diňe bir ýurdumyzda däl, dünýä jemgyýetçiliginde hem giňden goldanylýar. Muny daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen şu günlerde ilata ýetirilýän habarlardyr telegepleşiklerden hem görýäris.

Ýurdumyzda, esasan, Amyderýanyň goşa kenarynda bolluk bilen ýetişýän buýan köküniň ynsan saglygyna peýdasy barada aýdylanlar ýakynda Russiýa Federasiýasynyň «MIR-24» teleýaýlymynyň bir gepleşiginiň özenini düzdi. «Gepleşikde, esasan, hormatly Prezidentimiziň bu dermanlyk ösümligiň ýokanç keselleriň öňüni almakdaky pikirlerine salgylanyldy» diýlip, dünýä metbugatynda habar berilýär.

Oguljemal JORAÝEWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar