Möwsümiň öňdebaryjylary sylaglandy

11 Dekabr 2024
187

Kaka etrap häkimligi hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komiteti tarapyndan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşynda öňdebaryjy zähmetkeşleriň arasynda höweslendiriş işleri yzygiderli guralýar. Güýzlük ýeralmanyň hasylynyň ýygnalýan döwründe hem şeýle asylly işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine etrabyň “Edermen pagtaçy” daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanynda guralan iş üstündäki duşuşyk hem şaýatlyk edýär.

Ady agzalan daýhan hojalygy boýunça üstümizdäki ýylda 150 gektarda ýazlyk ýeralma ýetişdirip, şol ýerden 2 müň 100 tonna almanyň ýerine 2 müň 500 tonnasy alyndy. Güýzlük ýeralmanyň ýetişdirilen 100 gektar meýdanyň hasyly has-da bitginli boldy. Hojalygyň zähmetkeşleri şol ýeriň her gektaryndan 25 tonna çenli hasyl ýygnamagy başardylar. Şoňa görä-de, ýeralma ýetişdirilen meýdanyň soňky gektarlarynyň hasylynyň ýygnalýan çagynda iş üstünde bolan duşuşykda hojalygyň ýolbaşçysyna we agronom-hünärmenine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň hormat haty gowşuryldy.

Tawus BEKNAZAROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar