Parahatçylyk daragty: syýasy we ykdysady ösüşiň özeni

4 Ýanwar 2021
1926

Taryhda giň Älem sahnasyna çykmagy başaran, mynasyp yz goýan oguzlar — türkmenler uly we kuwwatly döwletleri döretmegiň, ony dolandyrmagyň uly syýasy tejribesini toplapdyrlar. Şoňa görä, Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen aýtgy meşhurdyr. Geçmişiň dürli döwürlerinde Parfiýa imperiýasy, Beýik Seljuk we Köneürgenç türkmen döwletleri ýaly azym-azym jahanşalyklar höküm sürdi, ykdysady taýdan kuwwatlandy, özüniň milliligini, medeniýetini kemala getirdi, olary dünýä ýaýmak arkaly ählumumy ösüşe mynasyp goşant goşdy. Üçünji müňýyllykda bolsa baky Bitaraplygy bilen kuwwatly, dörediji, gurujy, ylalaşdyryjy merkeze öwrülen ata Watanymyz giň halkara jemgyýetçiligine ählumumy parahatçylygy üpjün etmek babatda hem tutuş dünýä nusgalyk görelde görkezdi, parahatçylyk ýolunyň kämil türkmen nusgasyny döretdi. Bu gün türkmeniň ykbally ogly — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, döwrümiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygary bütin dünýäde — giň Älemde dabaralandy.

Parahatçylyk. Howpsuzlyk. Durnukly ösüş. Ynanyşmak. Bu düşünjeler häzirki zaman şertlerinde üns merkezinde duran, dünýä syýasatynda möhüm orun eýeleýän, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli tekrarlanýan düşünjelerdir. Megerem, olar bütin adamzadyň geljeginiň — umumy planetamyzyň ertirki ykbalynyň nähili boljakdygyny kesgitleýän düşünjeler bolsa gerek. Çünki ady agzalan adalgalaryň üpjün edilmedik ýerinde adamzadyň agyr synaglardan geçjekdigini taryh, olaryň üpjün edilýän ýerinde bolsa gülläp ösüşleriň we abadançylygyň boljakdygyny baky Bitarap Türkmenistan doly subut etdi.

Jumamyrat GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar