Magtymguly pelsepe äleminiň bakylyk çyragy

3 Dekabr 2024
171

Magtymgulynyň döredijiligi öz halkynyň gündelik durmuşy, arzuw-hyýallary bilen baglanyşyklydyr. Akyldar şahyr parasatly sözi bilen halky, Watany söýmäge we oňa hyzmat etmäge çagyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz: “Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir” diýip belleýär. Watan türkmen üçin ähli zatdan gymmatdyr, ezizdir, mukaddesdir. Türkmen halky mukaddes hasaplaýan zatlaryny ezizleýär. Watansöýüjilik häsiýeti perzentlere sallançakda ene hüwdüsi bilen berlip başlanýar. Şonuň üçin bu duýgy milletimiziň aňyna ornapdyr. Bu mukaddeslik Magtymgulynyň döredijiliginde möhüm orny eýeläpdir.

Akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün ýaşlarymyzyň durmuş mekdebine öwrüldi. Şahyryň goşgularyny nesillerden-nesillere geçirmek biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Onuň döredijiligi döwrüň islendik wagtynda hem gymmatyny saklaýan, sarpasyny artdyrýan, akyly-aňy ösdürýän we özgerdýän, ynsan duýgusyny heýjana salýan sungatdyr. Şahyryň agzybirlige, edep-ekrama, ahlak arassalygyna ýugrulan döredijiligi milliligi ör-boýuna galdyrýar.

Bibijemal ASTANOWA,
Çärjew etrabynyň 32-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
Beýleki habarlar