Ýylymyz şygaryna mynasyp bolup, rowaçlyklara beslensin!

4 Ýanwar 2021
1797

Dünýä giňişliginde belent derejesi iki gezek ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda ýene-de bir ýylyň — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýyl ýazgylary jäheklenip başlandy. Milli Liderimiziň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini nazarlap öňe sürýän başlangyçlary makullanma we giň goldawa eýe bolýar. Bu ýurdumyzyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň ähli agza döwletler tarapyndan biragyzdan kabul edilmeginde hem aýdyň görünýär. Türkmen taryhynda täze sahypany açýan üstümizdäki ýyl dünýäniň halklarynyň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmaga, özara ynamy berkitmäge gönükdirilen tutumlara baýlygy bilen tapawutlanar. Hormatly Prezidentimiziň her ýyly mynasyp derejede atlandyrmak we şol şygaryň astynda ony dabaralandyrýan asylly işleri durmuşa geçirmek baradaky däbe öwrülen ýörelgeleri türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ykbalynda täzelenişe, öňe ilerlemelere, maksatly sepgitlere ýetirýän netijelerini şertlendirdi. Şu nukdaýnazardan, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyna degişli mümkinçiliklerini dünýä ýaýmak, dünýäniň döwletlerini belli bir maksatda bitewüleşdirmek ýaly wezipeler göz öňünde tutulyp öňe sürlen başlangyç adat bolşy ýaly, halkara derejesinde giň goldaw tapdy.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda belleýşi ýaly, dünýäniň halkara bileleşigine agza döwletleri tarapyndan Türkmenistanyň 2021-nji ýyly «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky teklibiniň esasynda degişli Kararnamanyň kabul edilmegi hem, geljegiň ygtybarly binýadyny kemala getirmekde parahatçylygyň we ynanyşmagyň wajypdygyny belleýär. «Parahatçylyk we ynanyşmak» şygarynyň biziň ozal yglan eden «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygarymyzyň pikir dowamy diýilse, has dogry bolar. Biziň Bitaraplygymyz ynama esaslanýan dostluga, dostluk arkaly ösüşe, ösüş arkaly parahatçylyga ýol açýar.

Mahym PIRIÝEWA,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar