Seýil edeliň bu jahana...

3 Dekabr 2024
195

Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi gözýetmez umman bolup, ol ylmyň dürli ugurlary boýunça zerur maglumatlary berýär. Magtymguly Pyragynyň amala aşyran syýahatlary şahyryň dünýägaraýşynyň giňemegine täsir edipdir. Şahyr öz döwrüne mahsus ylmyň gazananlaryny çuňňur öwrenen ussat, akyldar, filosofdyr. Dana Pyragynyň goşgularynda ýollar, ýurtlar, şäherler baradaky ylmy-pelsepewi garaýyşlar özboluşly orun eýeleýär. Şahyr syýahat etmegi, ýurtlary, oba-kentleri görmegi hiç haçan ünsden düşürmändir. Söz ussady Magtymguly Pyragy «Uça bilmen neýläýin» diýen goşgusynda:

Köňlüm istär, gezsem dünýä-älemi,
Ganatym ýok, uça bilmen neýläýin
— diýip, jahankeşdelige bolan hujuwyny beýan edipdir. Onuň goşgularynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Horasan, Horezm, Rumystan, Merw, Nişapur, Hyrat, Gürgen ýaly ýurtlardyr şäherler ýatlanylyp geçilýär.

Arazgül NAZAROWA,
Darganata etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň usulçysy.
Beýleki habarlar