Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

2 Dekabr 2024
168

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna garamak gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary barada Mejlisiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. 31-nji maýda we 15-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasy boýunça anyk tekliplerini beýan edipdi.

Beýleki habarlar