Arkadag şäheri — «akylly» şäher

29 Noýabr 2024
182

26-njy noýabrda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz Arkadag şäherine gelip, ilki bilen, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady. Şeýle hem bu ýerde şäherde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli dürli serişdeler görkezildi.

«Watan».
Beýleki habarlar