Watanymyzyň röwşen geljegi

21 Noýabr 2024
271

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler kämil bilimli, zehinli, watansöýüji nesli kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu babatdaky tagallalardan ruhlanan çagalar baglarynyň terbiýeçi-mugallymlary ýaş nesle milli ruhda bilim-terbiýe bermekde we olaryň tebigy zehinleridir ukyplaryny ösdürmekde yhlasyny gaýgyrman döredijilikli zähmet çekýärler.

Biziň çagalar bagymyzyň agzybir işgärleri hem körpeleri üns-alada bilen gurşaýarlar. Olar körpeler bilen geçirilýän çäreleriň netijeliligini gazanmaga aýratyn ähmiýet berýärler. Sapaklardan daşary çagalara, esasan-da, milli oýunlarymyz oýnadylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynda mynasyp orun alan milli oýunlarymyzyň her biriniň özüne mahsus terbiýeçilik ähmiýeti bar. Olar çaganyň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmegi, netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygyny hem-de çeýeligini ösdürýär. Oýunlaryň çagalaryň arasynda dost-doganlyk, agzybirlik, watansöýüjilik ýaly häsiýetleri ösdürmekde uly orny bar.

Güljemal MÖWLAMOWA,
Tejen etrabyndaky 5-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar