Çar ýana uzaýar nurana ýollar

20 Noýabr 2024
350

Ulag babatynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda diňe soňky ýyllarda döwletimiziň öňe süren başlangyçlary boýunça Kararnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň birisi geçen ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamadyr. Her ýylyň 26-njy noýabrynda dünýä ýurtlary bu güni dabaraly belleýärler.

Ýurdumyz täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmekde möhüm ähmiýetli merkeze öwrüldi. Türkmenistanyň geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşmegi bolsa ulag ulgamyny ösdürmekde öňbaşçy bolmaga şert döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, durnukly ösüş maksatlarynyň arasynda ulag babatyndaky ösüşler iňňän ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Ulag babatyndaky ösüşleriň esasynda Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek ýaly asylly başlangyjy durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça halkara derejeli çäreler yzygiderli geçirilýär. Ata Watanymyz yklymara ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge hem işjeň gatnaşýar, Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmaga aýratyn uly goşant goşýar.

Selbi RAHMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň II ýyl talyby.
Beýleki habarlar