Zehin bilen ylham birleşende

20 Noýabr 2024
340

Berkarar döwletimizde bagtyýar durmuşyň eşretini görüp, zehinini ykrar etdirýän ýaşlar barmak büküp sanardan has kän. Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Bahar Baýramowa hem şeýle zehinli ýaşlaryň biri.

Bahar eýýäm 5 ýaşynda aýdym aýtmagy öwrenýär. Ol şol döwürlerde çagalar baglarynda geçirilýän dürli çärelere, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly basleşiklere gatnasyp, öňdäki orunlara mynasyp bolýar. Baharyň aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanmagyna öz atasy sebäp bolupdyr. Çünki atasy hem ýaşlygyndan aýdym-sazyň aşygy bolup, öýlerinde işe güýmenen halatlary aýdyma hiňlener eken. Ol atasyndan aýdym aýtmagyň tärlerini we inçe syrlaryny öwrenýär.

Maral AGAMYRADOWA.
Beýleki habarlar