Tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady

4 Noýabr 2024
263

Ýurdumyzyň teatrlarynda gyzykly sahna oýunlary, şowhunly çykyşlar tomaşaçylara hödürlenýär. Şeýle şowhunly çykyşlaryň biri ýakynda welaýat döwlet drama teatrynda režissýor Myrat Sätiýewiň sahnalaşdyrmagynda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi.

Onda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Gurbanowa, sahna ussady Laçyn Nuryýewa we artistler Parahat Ylýasow, Ýakup Öwezow, Rüstem Arazmämmedow, Gülnar Hojamämmedowa, Berdi Berdiýew dagy şirin owazly aýdym-sazlary, degişme aýdyşyklary we degişme sahnalary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Uly joşgun bilen aýdylan aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik işleriniň waspy ýetirildi. Şeýle-de durmuşda gabat gelýän gülküli pursatlary beýan edýän degişme sahnalary tomaşaçylaryň şowhunly hem dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Nursoltan Depbiýewa,
«Balkan».
Beýleki habarlar