Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär

29 Oktýabr 2024
325

Aşgabat, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi iki döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Türkmenistan we Ermenistan köp ýyllardan bäri dürli ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda guralýan bu döredijilik çäresi iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynda möhüm ädimdir.

Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluny we döredijiligini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny sowgat bermegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda dürli ýurtlaryň wekilleri bolan meşhur nusgawy şahyrlardyr akyldarlar bilen bir hatarda, ady rowaýata öwrülen ermeni şahyry we kompozitory Saýat Nowanyň heýkeliniň oturdylandygy bellärliklidir.

Beýleki habarlar