Ajaýyp üstünlikleriň beýany

22 Oktýabr 2024
358

Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Bu senäniň ählihalk derejesinde giňden bellenilmegi döwletimiz tarapyndan mähriban halkymyzyň saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem-de şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Balkan we Lebap welaýatlarynyň hersinde bir sany 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary baglaşmaga, Mary welaýatynda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli ylalaşygy baglaşmaga, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän hem-de tölegli hyzmatlary ýerine ýetirýän 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de şu merkez hakyndaky Tertipnamany bellenen tertipde tassyklamak, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine garamagynda 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de şu merkez hakyndaky Tertipnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça şertnamalary baglaşan we degişli ätiýaçlandyryş töleglerini töleýän Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet dermanhana edaralarynda bahasynyň elli göterimi möçberde ýeňillikli şertlerde satylýan derman serişdeleriniň Sanawy hem-de tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde ýerlenilýän derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň Sanawy tassyklanyldy.

Beýleki habarlar