Il saglygy — ýurt baýlygy

22 Oktýabr 2024
355

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ynsan saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Adam jemgyýetiň we döwletiň iň esasy gymmatlygydyr» diýen çuň manyly pähimi türkmen jemgyýetiniň esasyny kesgitledi. Asyrlaryň dowamynda pederlerimiz hem il saglygyny baş baýlyga deňäpdirler. Häzirki wagtda «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygym — baş baýlygym» ýaly pähimli sözler ýörelgämize öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz sagdyn jemgyýetiň gülläp ösýän döwletiň daýanjy bolup durýandygyny belleýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirýän döwrebap lukmançylyk binalarynyň yzygiderli açylyp ulanmaga berilmegi ilatyň saglygyny pugtalandyrmaga uly üns berilýändigini aýdyň subut edýär.

Oguljemal BABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar