Saglygy goraýan ösümlikler hakynda

22 Oktýabr 2024
348

Mälim bolşy ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildi halka gowuşdy. Munuň özi diňe bir saglygy goraýyş işgärleriniň däl, eýsem, türkmenistanlylaryň her biri üçin ajaýyp sowgat boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly eseri saglygy goraýyş işgärleriniň hünär kämilliginiň ýokarlanmagyna, iş tejribeleriniň has-da artmagyna ýardam edýän gymmatly gollanma, ajaýyp maslahatçydyr. Çünki lukmanlar bu düýpli işiň üsti bilen Gahryman Arkadagymyzyň ylmy garaýyşlaryny çuňňur öwrenmek, gymmatly maslahatlary bilen tanyşyp, ynsan saglygyny berkitmekde peýdalanmak ýaly ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolýarlar.

Jumadurdy SOPYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar