Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

16 Oktýabr 2024
410

Welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde paýtagtymyzda täze saglygy goraýyş binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahatyny geçirdik. Onda çykyş edenler: «Adamyň saglygyny goramaga we keselleriň öňüni almaga, halkymyza edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler giň gerime eýe bolýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna hem uly ähmiýet berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň halkyň hyzmatyna berilmegi mähriban halkymyzyň saglygyny goramak baradaky ýadawsyz aladanyň kepilidir» diýip nygtadylar. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, bu ugurda halka edilýän hyzmatyň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirilmeginde hemme şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Simnas KUBATOWA,
Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar