Täze eseriň tanyşdyrylyş dabarasy

15 Oktýabr 2024
373

Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň ХVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler kitapda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy hem-de halk lukmançylygynda ulanmagyň düzgünleri barada gürrüň etdiler. Dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýan melhem çaýlaryň bejerijilik häsiýeti baradaky gürrüňler çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Ylmy-ensiklopedik eserde beýan edilýän, türkmen topragynda bitýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermekde ulanylýan ösümlikleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Maslahatda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, jemgyýetimize sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.

Ogulsuraý TÄÇMÄMMEDOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar