Topragy gurplandyrmagyň ähmiýeti

8 Oktýabr 2024
371

Topragyň gurplulygynyň möhüm görkezijileriniň biri-de, onuň düzümindäki gumusyň saklanyş mukdarydyr. Toprakdaky gumusyň esasy bölegini emele getirmekde ýagyş gurçuklary uly ähmiýete eýedirler. Ýagyş gurçuklarynyň uzynlygy 2–3 santimetrden 50 santimetre, ýogynlygy 1 millimetrden 20 millimetre çenli ýetýär. Ýagyş gurçuklarynyň esasy iýmiti – ölen kökler hem-de ösümlik galyndylarydyr. Şol sebäpli hem olar topragyň ýokarky gatlagynda giňişleýin ýaýrap, işjeň hereket edýärler. Hakyky ýagyş gurçuklary çygly şertlerde aýratyn hem ýagyş ýagandan soň, ummasyz mukdarda topragyň iň üstki gatlagynda emele gelýärler.

Ýagyş gurçuklary toprak bilen birlikde ösümlik galyndylarynyň, mikroblaryň, kömelekleriň, suwotularyň, nematodlaryň uly mukdaryny özüne sorup alýarlar. Olary dargatmak bilen kesel dörediji floranyň ösmegine päsgelçilik döredýän fermentleriň we witaminleriň uly mukdaryny bölüp çykarýarlar. Ýagyş gurçugynyň bedeninden geçen toprak tozama, suw we ýel eroziýa hadysalaryna garşy durmaga ukyply bolýar. Emele gelen gumus maddalary toprakda ösümligiň ösmegi üçin zerur bolan iýmit elementleriniň ýitgisiniň azalmagyna ýardam berýär.

Jennet GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar