OKAMAK HEMIŞE GEREK

1 Oktýabr 2024
589

Käteler ýaşaýyş üçin ilkinji zerur zatlary ýatlaýarlar: howa, suw.., galan ähli zatlar bulardan soňa goýulýar. Emma şol zerurlyklaryň hataryna goşulmaga mynasyp ýene bir zat bar, oňa Kitap diýilýär. Tehnikadyr tehnologiýanyň hernäçe ösýändigine garamazdan, kitabyň ornuny tutup biljek başga bir gymmatlyk ýok.

Okamak – aňyň hem ruhuň iýmiti. Okaýan adamyň dünýäsi giň, ruhy belent, ýüregi kararly bolýar. Onsoňam, her okaýan zadyňdan hökman täze zat öwrenip bolýar, ýogsam şol kitap öňem öwran-öwran okalan bolaýsyn, her gezekde “bäh” diýdirýän täsin bir zadyň, jümläniň, paýhasyň, durmuş wakasynyň üstünden barýaň. Okasaň, köňül gözi ynjalykly, göwün mädäň dok bolýar. Onsoňam, okamak kär-hünär dannaýan zat däl, haýsy ugurda zähmet çekip, der dökýän bolsaňam, iňňän gerekli zat. Öz zähmet çekýän ugruňda kämilleşmek üçinem hökman okamaly. Sebäbi adamyň ruhuny kitap okamakdan üzňe göz öňüne getirip bilemok.

Rahmet GYLYJOW
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.
Beýleki habarlar