Pagtaçy daýhanlaryň üstünligi

2 Oktýabr 2024
411

Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri häzirki jogapkärli möwsümi ýokary depginlerde alyp barýarlar. Etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasyna degişli bolan traktorlaryň 24 sanysy, tirkegleriň 48 sanysy taýýar hasyly pagta kabul ediş harmanhanalaryna daşamakda peýdalanylýar. Şeýle hem pagta kabul ediş harmanhanalaryň 7 sanysy daýhanlaryň ýetişdiren hasylyny bökdençsiz kabul edýär.

Ähli işleriň utgaşykly alnyp barylmagy netijesinde «ak altyn» harmanlary barha beýgelýär. Bellenen ýyllyk meýilnamany berjaý eden kärendeçilerden etrabyň «Derýalyk» daýhan birleşiginden Altyn Kylyçowa, Nazokat Durdymyradowa, «Täzegüýç» daýhan birleşiginden Magsat Meredow, «Kyrkgyz» daýhan birleşiginden Oguljemal Musaýewa, «Watan» daýhan birleşiginden Bossan Sähedowa, Ýazgül Agabaýewa, «Akderýa» daýhan birleşiginden Üzümgül Mätgurbanowa, «Zaman» daýhan birleşiginden Göwher Gölbaýewa, Güljahan Baýramowa dagyny görkezmek bolar. Bu kärendeçileriň gazanan ýokary netijeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna mynasyp zähmet sowgady boldy.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar