Pederleriň ruhuna tagzym

2 Oktýabr 2024
426

Hatyra gününe

Eziz Watanymyzyň her daban ýeri üçin şirin janyny orta goýup, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen gerçeklerini, şehitlerini, öten-geçenlerini ýatlamak, olaryň ruhlarynyň şat bolmagy üçin aýat-doga okamak, sadaka bermek agzybir halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgeleriniň, kämillik mekdebinde sünnälenen däp-dessurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uly aladalary bilen şeýle däplerimiziň has-da kämilleşmegi, mazmun baýlygyna eýe bolmagy babatda belent sepgitlere ýetildi. Watansöýüji, il-güne, mukaddes topraga wepaly, ruhy-ahlak taýdan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan şeýle däplerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy eýýamda hem durmuşymyzyň mizemez ýörelgesidir. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenip geçilýän Hatyra güni munuň anyk subutnamasydyr. Hatyra gününde merdana halkymyz Watan mukaddesligi, erkinlik ugrundaky söweşlerde, 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde pida bolan mähribanlaryny ýatlaýar. Munuň özi ykbalyň bu ýowuz synaglarynyň ýüreklere salan ýarasynyň asyrlar çalyşsa-da, hakydalarda ajy hasrat bolup ýaşaýandygyny görkezýär. Şöhratly pederlerimiziň il hakydasynda ýaşaýan mertligini, gahrymançylygyny, watansöýüjiligini beýan edýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bolsa ykbalyň ýowuz synaglarynyň galdyran şeýle yza-ýarasy barada nesillere tolgundyryjy «gürrüň» berýär...

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».
Beýleki habarlar