Baky buýsanjymyz Garaşsyz Diýar

2 Oktýabr 2024
376

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy eşretli, parahat we bolelin durmuşda ýaşatmak üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz gün-günden ösýär, özgerýär. Agzybir halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk we medeni maksatly binalaryň, ylym-bilim ojaklarynyň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän desgalaryň sany barha artýar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, halal zähmetiniň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny uly dabaralara besledi. Naýbaşy baýramymyzyň şanyna guralan dabaralar kalbymyzy joşduryp, işimizde ýokary üstünliklere ruhlandyrdy.

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmak, abadan we bagtyýar durmuşymyz üçin alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginler bilen dowam etdireris» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ösüşdir özgerişler hemmeleri guwandyrýar. Ata Watanymyzyň bu günki ýeten belent derejeleriniň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren peşgeşidir. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlyk arzuwyndan wysal bolan Garaşsyzlyk bu günki gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.

Şirin ABAÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 11-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar