Röwşen geljege dowamat

1 Oktýabr 2024
367

Öňňin Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesiniň gözbaşy» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen geçirilen bu maslahaty welaýat häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.

Edara-kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleriniň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň we ýaşlaryň gatnaşmagynda bolan maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Resul Işangulyýewiň çykyşynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrülendigi, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini äşgär edendigi hakda aýratyn durlup geçildi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar