Halk Maslahaty – halkyň bagty

1 Oktýabr 2024
410

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri özüniň şöhratly wakalary bilen türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Şeýle taryhy wakalaryň biri-de, ýakynda, has takygy, 24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisidir. Döwletimiziň durmuşynda syýasy ähmiýetli waka öwrülen Halk Maslahatynyň barşynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky meselä uly ähmiýet berlip, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasa-tynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns çekildi.

 Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde islendik ýurduň ösüşi üçin durnuklylyk, parahatçylyk we agzybirlik zerur bolup durýar. Şunlukda umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri hem girizildi.

Aýperi GOÇGULYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar