Abadan durmuşyň hatyrasyna

1 Oktýabr 2024
380

Düýn Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda geçirilen çäreleriň jemleri jemlenildi we onuň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa paýtagtymyzyň mekdep okuwçylary we mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, müdirligiň gözegçileri gatnaşdylar. Dabara IIM-niň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi, Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy.

Her ýylyň sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanyp guralýan çäreler, maslahatlar, usulyýet okuwlary, öňüni alyş işleri ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we sürüjileriň hukuk düşünjeleriniň kämilleşmegine, ýol hereketiniň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine ýardam edýär. Şeýle asylly işler her bir adamyň saglygy we howpsuzlygy hakynda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar