Bagtyýarlygyň gözbaşy

27 Sentýabr 2024
397

Ata Watanymyzda il-günüň agzybir, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny baş maksat edinýän hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde, her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly geçirilýän biraýlygyň netijelerine ser salanymyzda, köçe-ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynyň, bu ugurda üstünlikleriň gazanylýandygynyň şaýady bolýarys.

Biraýlyk çäresi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, ýol hereketine gatnaşyjy hökmünde özüňi alyp barmagyň medeniýeti, sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň arasyndaky sazlaşygy guramagyň maksady barada wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işleri geçirilýär. Şeýle hem ýol hereketi bilen bagly wideorolikler görkezilýär.

Arslan BABAJANOW,
TIIM-niň Daşoguz welaýatynyň polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň ýörite ýol gözegçilik wzwodynyň kiçi gözegçisi.
Beýleki habarlar