Möhüm çäreler guralýar

26 Sentýabr 2024
395

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen guralýan biraýlyk çärelere jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri degişli pudak edaralary bilen ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça bilim ojaklarynda, kärhanalarda wagyz-nesihat, düşündiriş, öňüni alyş işlerini guramaçylykly hem-de yzygiderli geçirýärler. Biraýlygyň dowamynda ýaş nesillere ýol hereketiniň düzgünleri, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, bu ugurdaky bilimleri kämilleşdirmek bilen bagly köpçülikleýin wagyz-nesihat çykyşlary, duşuşyklar guralýar.

Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kodeksler we kadalaşdyryjy hukuk namalary halkymyzyň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny muňa aýdyň mysal bolup biler. Kanuna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilýän döwlet ähmiýetli möhüm çäräniň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalaryň we sürüjileriň wezipeleri barada nygtalmagy ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallalaryň biridir. Sebäbi asudalygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň rahat durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Atažan ODAÝEW.
Beýleki habarlar