Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalaryň her biri Watanymyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy abadançylygy, parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Düýn bolup geçen taryhy wakalar, ýagny ýurdumyzyň günorta künjeginde — Tagtabazar etrabynyň çäginde Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr bolan demir ýol köprüsiniň açylmagy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüniň tutulmagy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygyna, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi mynasybetli guralan dabaralar munuň aýdyň mysalydyr. Bagtyýar ildeşlerimiz bu taryhy wakalar mynasybetli öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler: