Mekdep okuwçylary bilen geçirilen duşuşyk

11 Sentýabr 2024
67

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, Sarahs etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesi we etrap bilim bölümi bilen bilelikde guralan duşuşyk “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlandy. Etrapdaky 21-nji orta mekdepde bolan duşuşyga mekdep okuwçylary gatnaşyp, olar ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça täsirli çykyşlary dykgatly diňlediler.

Duşuşykda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti we maksady düşündirildi, pyýadalaryň borçlary we ýoldan geçilende seresaply bolmak barada aýdyldy. Ýaşlara gymmatly maslahatlaryň berilmegi, öwüt-ündewleriň aýdylmagy duşuşygyň netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi.

Azat ÇARYÝEW,
Sarahs etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar