Döwletliligimiziň synmaz binasy

11 Sentýabr 2024
48

Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän akyldar şahyrymyzyň «Ýurt binamyz gaýym bolsun, gurulsyn» diýen arzuwyna laýyklykda abadan we asuda Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, milli döwletliligimiziň we ýurt berkararlygymyzyň binasyny barha pugtalandyrmak babatda taryhy ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Geçen ýyl ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň erk-islegi bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de onuň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny hasam kämilleşdirmekde möhüm sepgit boldy. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň döredilmeginiň maksady Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen bilelikde ýerlerde hem döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň: welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň hereket etmegi ýurdumyzda halk bilen häkimiýetiň sazlaşykly bitewüliginiň, ylalaşykly ýörelgesiniň aýdyň görkezijisidir.

Aşyrmämmet BEZIRGENOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar